- elhenç
- 1) Gorkuly, gorkunç, howply.∙ Ol günleri bu günler ýada düşürmek-de elhenç bolup galdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Näme üçin meniň düýşüme gowy zatlar girmän iň elhenç zatlar girýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)2) Örän güýçli, gaty.∙ Potdan agzyna agaç salnan tilki ýaly, ernini gyşardyp, dişini goýberdi-de, elhenç gygyrdy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)∙ Şol wagtyň özünde köçeden bir elhenç we barha beterleşip barýan ses eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Bäbek onuň ýüzüne elhenç çerrelip seretdi. (N. Saryhanow, Giýew)∙ Emma gyz elhenç titräp, ýumrugyny aýlady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)3) Örän erbet, ýaman, ýigrenç.∙ Elhenç garaňkydy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)∙ Agzyndan çykýan goýy tüsse ony elhenç görkezýärdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)∙ Eýsem, ene mähri elhençmi?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.Meselem elhenç - elhenji.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.